Bu dürli ykdysady derejeli we güýçli dini däpli köpmilletli işjeň dünýädir. Şonuň üçin arap ýurtlarynda işewür zenanlara, şeýle hem biznesmenleriň maşgalalaryna egin-eşik babatynda olaryň talaplaryny çynlakaý ýerine ýetirmek zerur bolup durýar. Bu esasan hem Eýran, Yrak, Liwiýa, Päkistan, Siriýa, Saud Arabystany, Iordaniýa we Azerbaýjan, Täjigistan ýaly ýurtlara degişlidir.


Duşuşyklary Remezan aýynda we juma gününde meýilleşdirmäň.

Alkogolly içgiler gadagandyr. Oňa derek size hemişe we hemme ýerde berk we hoşboý ysly kofe hödür ederler.

Doňuz etli tagamlary buýurmaň we soramaň, bu göwnedegijidir.

Aýakgabyňyzyň dabany görünmesin, bu gelşiksiz bolar.
Ähli hereketleriňizi sag eliňiz bilen ýerine ýetiriň, çep el hajathana kagyzyny ulanmak üçin diýlip, hasaplanýar.

Arap däplerinde käte “Nähili ýagdaýlaryň?”, “Saglygyň nähili?” diýen ýaly jümleler ulanylýar. Ýöne bu seniň öz işleriň we saglygyň barada jikme-jik gürrüň bermekligi aňlatmaýar.

Eger, ilki bada arap işewürleri agras we tutuk bolup görünseler-de çekinmäň. Hakykatda, olar hyzmatdaşlyga we özara gatnaşyga taýýardyr.

Hat alyşma bolsun ýa duşuşyk tapawudy ýok, sypaýyçylyk aragatnaşygyň aýrylmaz bölegidir.

Arap işewürleri duşuşyga wagtynda barmaga gaty bir endik etmedikdir. Garaşmaga taýýar boluň.

Hyzmatdaşyňyzy örän oňat tanamazdan, oňa degişme we şadyýan äheňde bellikler etmek maslahat berilmeýär.

Dini tema degmek hem-de onuň aýalynyň saglygy bilen gyzyklanmak bolmaýar.

Arap ýurtlarynyň işewürleri üçin gepleşikler alnyp barylýan Pars aýlagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu mertebelilik we milli guwanç duýgusy bilen baglanyşyklydyr.

Taýýarlan Maýa Apbaýewa, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat sekretary

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!