Fransiýada ilki-ilkiler ýeralmany halamandyrlar. Ýönekeý usul bilen bu ýagdaýyň öňüni alypdyrlar. Týurgo familiýaly ministr ýeralmaly meýdanlaryň daşyna sakçy goýmagy buýrupdyr. Adamlar: "Goraýarlar, diýmek gymmatlydyr" diýip pikir edipdir.

Golliwudy satmagyň taryhy. Harweý Wilkons atly ýer eýesi Günorta Kaliforniýadaky ýerlerini aýalynyň ugurtapyjylygy bolmasa asla-da satyp bilmezdi. Onuň aýaly satyljak ýerleri Golliwud (keramatly ýer) diýip atlandyrypdyr. Şondan soňra olaryň satlyk ýerlerine sanlyja günde hyrydar tapylypdyr.

Disneý reňkli plýonkalaryň näderejede artykmaçlyk berjekdigine ilkinji bolup göz ýetiripdir. Şeýlelikde, bu ugurtapyjy adam şol döwürde reňkli plýonkalary çykarýan we olary satmak hukugyna eýelik edýän öndüriji bilen köpýyllyk şertnama baglaşypdyr. Bu bolsa oňa multfilm öndürýän ýeke-täk şereketiň eýesi bolmaga mümkinçilik beripdir. Önümiňiziň geçginli bolmagyny isleýäňizmi, onda Jeýms Bond hakyndaky filmde mahabat etdiriň! BMW konserni šol filmiñ "Altyn göz" atly bölüminde mahabat edilensoň 300 million dollarlyk sargyt alypdyr. "Omega Seamaster" sagadynyñ satuwy bolsa 900% ýokarlanypdyr.

“Adaty poroşok” diýlip atlandyrylan ýuwujy serişde hiç hili mahabatsyz hem geçginli haryda öwrülipdir. Geň galmaly ýeri, öz mahabatynda şol jümläni ulanýan konsernleriň hiç biri olara nägilelik bildirmändir.

Taýýarlan Hojaberdi Apbaýew, žurnalist

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!