Iri aýakgap kompaniýasy Afrika öz satyjysyny iş saparyna ugradypdyr. Bir hepde geçenden soň ýaňky satyjy öz ýolbaşçylaryna şeýle mazmunly hat ugradypdyr: “Meni bärden alyp gidiň, bärde aýakgap bazaryna zerurlyk ýok, hemmeler aýakýalaňaç gezýär!”.
Biraz wagt geçenden soňra kompaniýa ýene-de bir synag geçirmegi makul bilip, başga bir işgäri Afrika ugradypdyr.
“Bu ullakan üstünlik! ─ diýip, ikinji işgär şatlyk bilen habar beripdir: “Näme bar bolsa ugradyň, bazar çäksiz, bärde hemmeler diýen ýaly aýakýalaňaç gezýär”.

NETIJE: Hiç bir zat öz-özünden gowy ýa-da erbet bolmaýar. Olara biziň gatnaşygymyz täsir edýär.

Terjime eden Maýa Apbaýewa

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!