Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, azyk pudagynda işleýän iri kompaniýa bolan “Bereketli” hojalyk jemgyýeti şu ýyl Aşgabatda firma dükanlarynyň ýigrimisini açdy.

Ozal bu belli kompaniýanyň şöhlat önümleri we tagamly et nygmatlary wagtlaýyn söwda nokatlarynda satylan bolsa, indi olar ýörüteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen dükanlar arkaly ýerleşdirilýär.

“Bereketli” HJ-nyň söwda bölüminde habar berlişine görä, dükanlaryň ýene onusy açylar, olaryň ikisi täze ýyla çenli işe başlar. Mundan başga-da, Parahat-7, Howdan ýaly iri ýaşaýyş jaý toplumlarynda göçme söwda ýola goýlar.

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek döwlet maksatnamasyna işjeň gatnaşýan “Bereketli” HJ-nyň öndürýän önümleri halk arasynda islegli harytlardyr.

01.11.2018. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Hangala” hususy kärhanasynyň Görogly etrabynyň “Berkarar” daýhan birleşiginde gurýan ýyladyşhanasynda ... bal arylar ýakyn kömekçiler boldular. Olar pomidorlary tozanlandyrýarlar. Kiçijik bal ary öýleri Türkiýede satyn alyndy.

Hünärmenleriň pikirine görä, ösümlikleriň güllerini tebigy tozanlandyrmak – bol hasyl ýetişdirmegiň, şeýle hem eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek jähtinden ekologiýa taýdan arassa önüm almagyň netijeli agrotehniki usulydyr. Hususy ýyladyşhana hojalygynda bäş gektar ýerde ýüzlerçe tonna pomidor, şol sanda onuň islegli çerri görnüşi ýetişdiriler.

Toplumyň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy sypatly, ekologiýa taýdan amatly we uzak wagt ulanylýan gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Tehnologik işe başdan-aýak kompýuter programmasy gözegçilik edýär. Ýewropanyň esasy önüm öndürijilerinden alnan döwrebap enjamlar awtomatik usulda amatly ýylylygy we ýagtylygy, çyglylyk derejesini saklamagy we topraga ýokumly maddalaryň berilmegini üpjün edýär.

Taýýar önüm alyjylara iberilmezden öň ýörüte laboratoriýada hil taýdan barlanylýar. Hojalyk özbaşdak ýyladyş we suw beriş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan. Toplumyň meýdançasynda ammar gurlan, tiz wagtda naharhana, edara jaýy, awtoulaglar üçin duralga we beýleki düzümleýin binalar peýda bolar. Onuň töweregine miweli agaçlar ekildi.

Batyr ÖRÄÝEW (www.turkmenistan.gov.tm)

01.11.2018. Balkanabatda «Parfiýa Gurluşyk» hususy kärhanasynyň çörek bişirilýan kärhanasynda çörek-bulka önümlerini öndürýän könweýer peçi işe girizldi, ol şäheriň söwda nokatlaryna ýurdumyzda ýetişdirilýän çig maldan 500 kilograma çenli tagamly önüm ugradýar. Ýakyn wagtda telekeçiler çörek-bulka önümleriniň görnüşlerini artdyrmagy we süýji önümlerini çykaryp başlamagy göz öňünde tutýarlar.
Şu ýylyň sentýabrynda HK Balkanabatda aş önümlerini öndürýän kiçi zawod açdy. Önümçilik Italiýada öndürilen enjam – iki bunkerli galyba salýan, awtomatlaşdyrylan gaplaýjy enjamlar, guradyjy şkaflar we beýleki kömekçi enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Kärhanada günde şäher ilatynyň arasynda islegli bir müň kilogram ýokary hilli önüm: unaşlaryň, aşlaryň birnäçe görnüşi öndürilýär. Ýakyn wagtda kärhananyň öz firma dükany hem açylar, onda «Parfiýa Gurluşyk» HK-nyň önümleriniň ähli görnüşleri satylar.

Wladimir KOMAROW (www.turkmenistan.gov.tm)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde açylan polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy ýurdumyzyň gazhimiýasy senagatynyň desgalarynyň üstüni ýetirdi.

Bir aý mundan ozal Hazar sebitinde “Garabogazkarbamid” zawody açyldy, bu desga hem batly gadamlar bilen ösýän gazhimiýa senagatynyň ösmeginde möhüm tapgyr boldy. “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalary bilen bilelikde gurlan döwrebap kärhananyň ýyllyk kuwwaty oba hojalygynda giňden ulanylýan azot dökünleriniň 1 million 155 müň tonnasyna deňdir.

Nobatdaky senagat desgasynyň işe goýberiliş dabarasy tamamlanandan soň Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyň binasynda oturdylan monitoryň ekranynda “Garabogazkarbamid” zawodyndan eksporta ugradylýan önümiň ilkinji tapgyrynyň ýüklenýän pursatlary görkezilýär.

Bu ýerden ugran awtoulaglar kerweni Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna tarap ýola düşdüler. Bu ýerden karbamid deňiz gämileri bilen daşary ýurtly sarp edijilere ýetiriler.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Gyrgyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy Žyrgalbek Sagynbaýew bilen duşuşyk geçirildi.
TSTB-niň ýolbaşçysy özüniň gyrgyz kärdeşini türkmen hususy telekeçiliginiň wekilleriniň ýeten sepgitleri we gelejegi bolan meýilnamalary bilen tanyşdyrdy.
Geçirilen gürrüňdeşligiň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçmek bilen, ony giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususanda, iki ýurdyň telekeçileriniň bu ugurda ýygnan tejribesini göz öňünde tutup, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň öndürijiligi bellenip geçildi.
Işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmeleriniň arasynda şu ýylyň awgust aýynda baglaşylan Hyzmatdaşlyk barada ylalaşygyň açýandygy bellenip geçildi.
Şeýle-de duşuşyga müdiriýetiň agzalary, TSTB-niň halkara bölüminiň, oba hojalyk we Agrosenagat toplumy bölümleriniň müdirleri gatnaşdylar.

www.tstb.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!