Ýokary hilli peýniri öndürmek üçin tehnologiýalary doly we dogry berjäý etmeli, önümi degişli tempraturada ýerleşdirmeli.
Kärhanany açmak üçin gerekli resminamalar:
• ýeri kärendä ýa-da satyn almaklyga we gurluşyk etmek üçin hukuk almak;
• kärhanany hasaba aldyrmak;
• şertnama baglaşmak;
• önüm üçin ygtyýarnama ýa-da sertifikat almak.

Önümi hökmany ýagdaýda sertifikatlaşdyrmak.
Peýnir önümlerine gabat gelýän deklarasiýany almak hökmandyr. Bu resminama önümçilik tapgyrynyň takyk mukdar görkezijisi bilen öndürijiniň adyna ýazylýar.
Sertifikatlaşdyrmak üçin gerekli resminamalar hökmandyr:
• arza;
• arza berijiniň guramaçylyk resminamalry;
• fitoarassaçylyk hasabynda durandygy barada şahadatnama;
• Etikediň taslamasy
• Weterinar sertifikady.
Önümçilik ýagdaýyny ýola goýmak üçin gerekli enjamlar:
• uzak wagtlaýyn pasterizasiýa etmek üçin wanna, möçberi 100 litr;
• parafinera, möçberi 75 litr;
• wanna IPKS, möçberi 200 litr;
• peýnir üçin basgyç (пресс);
• peýnir üçin iki sany şekil beriji;
• iki gözli sowadyjy;
• iş stoly.
Ilkinji peýnire esasy bildirilýän talaplar
Peýniriň tagamynyň hili onuň düzümine bagly bolýar.
Berjaý edilmeli şertler:
• süýt sagdyn sygyrlardan gelip gowuşmaly;
• turşulugynyň derejesi pH-metrde 6,8 % pes bolmaly däl;
• düzüminde antibiotikleriň bolmazlygy;
• ýaglylygyň binýatlaýyn derejesi 3,5 % çenli, belogyň düzümi 3,0 % kabul etmäniň temperaturasy 12°С ýokary bolmaly däl.
Peýniriniň önümçilik tehnologiýasy
Peýniriň önümçilik tehnologiýasy çylşyrymly biohimiki proses bolup, ol mikrofloranyň we fermentiň täsiri astynda bolup geçýär.
Peýnir önümçiliginiň tapgyrlary:
• süýdi taýýarlamak;
• süýdi uýatmak we birmeňseş agramy almak;
• peýniriň bişmegi;
• peýniri duza ýatyrmak.
Peýnir öndürmek üçin çykdaýjylar.
Kiçi zawodyň önümçilik işine başlamaklyk üçin inžener-tehniki enjamlary bilen enjamlaşdyrylan 300 kw. metr önümçilik meýdançasy gerek bolup durýar. Bu meýdançanyň çäklerinde peýnir öndürmek boýunça seh, taýýar önümi saklamak üçin ambar, we işgärler üçin hyzmat ediş ýerleri ýerleşdirilmeli. Bu ýeri kärendesine ýa-da satyn almak bolar.
Her aýlyk kärende 5 000 rubl diýip hasaplaly.
Önümçiligiň tutuş hadysasy üçin 207 880 rubl möçberinde serişde harçlanýar.

Aýlanşyk serişdeleri indikilerden durýar:
• çig maly satyn almak
• aýlyk zähmet hakynyň tölegi
1 kg peýniri taýýarlamak üçin 9 litr süýt gerek bolýar. Bir litr süýdiň ortaça bahasy 16 rubl. Süýtturşy we ys berijilerden dörän gönezlik: her 1000 litr üçin 1 doza
Aýlyk 5 000 kg peýniri öndürmäniň hasaplamalary boýunça aşakdaky çykdaýjylar göz öňünde tutulýar:
• Süýt - 35 000 litr *13 rubl=455 000 rubl;
• Gönezlik-45 sany 30 rubldan=1350 rubl;
• Aýlyk kommunal hyzmatlaryna töleg 10 000 rubl.
Şeýlelikde taýýar önümiň özüne düşýän gymmaty aýda 466 350 rubla deň bolýar.(ýyllyk 5 596 200 rubl)
Peýniriň satylyşyndan gelýän düşewünt we girdeýji
Ýyllyk düşewündiň hasaplamasy: aýda öndürilýän önüm * 1 kg önümiň bahasyna = 5 000 * 250 rubl *12 aý =15 mln rubl.
Jemi ýyllyk girdeýiji (düşewünt - önümiň özüne düşýän gymmaty) = 9 403 800 rubl.
Jemi çykdaýjylar başdaky maýa goýumy we enjamlary hasaba almak bilen 7 184 080 rubl
Salgyt töleginden öňki girdeýji (jemi girdeýji-umumy çykdaýjy) = 2 219 720 rubl.
Salgyt töleglerinden soňky girdeýji (15%) -1 886 762 rubl. Bu bolsa arassa girdeýjiniň möçberi bolup durýar.

Peýniri ýerlemegiň esasy ugurlary:
1) Öndürilen peýniriň baha syýsatyny we ýerleniljek bazaryny işewürlik-meýilnamasynyň ýerine ýetirilýän ilkinji tapgyrlarynda işläp taýýarlamaly.
2) Ilkinji aýlarda önümi önümçiligiň ýerleşýän sebitlerinde ýerlemek bolar. Diňe şondan soňra önümçilik kuwwatyna görä beýleki sebitlerde ýerlemekligiň mümkinçiliklerini öwrenmek bolar.
3) Peýnir öndürýän kärhanalar özüniň assortimentlerini dorog, gaýmak we syrok önümlerini öndürmek arkaly giňeldýärler.
4) Bular ýaly önümleriň esasy üstünlikleri – önümçiligiň gysgaldylan möhleti bolup durýar (bir-iki gün). Şular ýaly ýagdaýlarda kärhananyň girdeýjililigi ýokarlanýar.

FaLang translation system by Faboba