Gofrokarton we ondan gaplary öndürýän kärhanany döretmek üçin iki sany önümçilik meýdançasy ýa-da sehi bolmaly, olar:
• Gofrokarton önümçiligi boýunça;
• Gap önümçiligi boýunça.
Gofrokartonyň önümçiliginde gerek bolan ähli çig-mal ýagny, kagyzy we listleri kärhana, ýörite kagyzy we listleri öndürýän kärhana sargyt etmegi meýilleşdirmeli. Gerek bolan çig-mal serişdeleri demir ýol we awtoulag ýollary arkaly getirilmeli.
Önümçilik sehlerini döretmekde talaplar.
• Gofrokarton önümçiligi üçin önümçilik sehleriniň tutýan meýdany 1400 m2 -dan pes bolmaly däl;
• Gap önümçiligi üçin önümçilik sehleriniň tutýan meýdany 1000 m2 deň bolmaly.
• Önümçilik sehlerinde howalandyrma ulgamy gurluşyk kadalary we düzgünleri (СНИП) 2.04.05–91, ýangyna garşy howpsuzlyk ulgamy we düzgünleri (СНИП) 21–01–97 esasynda taslama ýerine ýetirilmeli. Önümçilik sehlerinde temperatura 180 С ýokary bolmalydyr, sehiň içinde çyglylyk 80%-den ýokary bolmaly däldir.

Taýýar önüm we çig-mal saklanýan ammarlara bildirilýän talaplar.
• Gofrokarton saklamak üçin ammaryň tutýan meýdany 500 m2 kiçi bolmaly däl;
• Çig-mal saklamak üçin ammaryň tutýan meýdany 500 m2 deň bolmaly;
• Ammar jaýlary ýerasty suwlardan goragly bolmaly;
• Ammar jaýlarynda temperatura + 5 °С ýokary bolmalydyr.

Gerekli işgärleriň sanawy:
• Direktor;
• Baş hasapçy;
• Önümçilik sehlerinde işlediljek işgärleriň sany 24 adam.
Jemi: 26 sany adam.
Kärhananyň işgärleriniň iş tertibi 3 çalşykdan ybarat bolmalydyr. Bir iş çalşygynyň dowamlylygy 8 sagat bolmaly. Kärhanada 5 günlik iş hepdesi bolmaly.
Gofrokartonyň we gabyň özüne düşýän gymmaty
1000 m2 gasynlanan (гофрированный) kartonyň özüne düşýän gymmatyny hasaplamak üçin 1000 m2 gasynlanan (гофрированный) kartonyň önümçiliginde gerek bolan çig-malyň bahasyny hasaba almaly. 1000 m2 gofrokarton önümçiliginde gerek bolan çig-malyň bahasy: 3 rubl/m2 * 1000 m2 = 3000 rubl.
Jemi özüne düşýän gymmaty = 3000 rubla deň.

Elektrik energiýasy üçin çykdajylar:
1000 m2 gasynlanan (гофрированный) kartonyň önümçiligine 1500 kWt/sagatda energiýa serişdeleri sarp edilýär.
Jemi elektrik energiýasy üçin çykdaýjylar 1500 kWt/sagatda * 4 rubla = 6000 rubla deň bolar.
Tehnologiki işinde bug üçin çykdaýjylar:
1 Gkal bugyň bahasy = 161.32 rubla deň;
Gofrokartonyň önümçiliginde gerek bolan buguň çykdaýjysynyň udel kadasy 4 Gkala deň;
Jemi buguň çykdaýjylary 161,32 rubl/Gkal * 4 Gkal = 645,28 rubla deň.
Işçilere aýlyk zähmet haklary üçin çykdaýjylar: aýda 328 000 rubl, ýylda – 3936000 rubl.
Aýlyk zähmet hakyna salgytlar – 140 rubla deň.
Enjamlary saklamak we ulanmak üçin çykdaýjylar: ýylda 4000 rubla deň;
Sehiň özüne düşýän gymmatynyň hasapnamasy 1000 m2 gofrokarton üçin edilýän çykdaýjylaryň formulasy:
ССц = Сс + Сэ + Ст + Со + СсмССц = 3000 rubl + 6000 rubl + 645,28 rubl + 400 rubl + 4000 rubl = 14045,28 rubla deň.
Bir ýylda öndürilen gofrokartonyň umumy möçberinden sehiň özüne düşýän gymmatynyň hasapnamasy: ССцг=126 406 800 rubla deň.

Gofrokartondan öndürilýän gaplaryň önümçiligi üçin edilýän çykdaýjylar
Hasaplamalaryň netijesinde gofrokartondan öndürilýän gaplaryň ýyllyk çykdaýjysy, bir önüm üçin (1000 m2 gofrokarton) çykdaýjylar kesgitlenilmeli.
Umumy kärhana üçin bir ýylda ediljek çykdaýjylar we bir önüm üçin ediljek çykdaýjylar kesgitlenilmeli.
Önümçilik sehiniň kärendesi üçin çykdaýjylar: ýylda we bir önüm üçin çykdaýjylar kesgitlenilen bolmaly.
Jemi gofrokartonyň doly özüne düşýän gymmaty (1000 m2 gofrokarton üçin) kesgitlenilmeli. Ýyllyk möçberi üçin gofrokartonyň özüne düşýän gymmaty kesgitlenilen bolmaly.

Gofrokartondan öndürilýän gaplaryň önümçiliginiň getirjek girdeýjileri barada meýilnama
Bir aýyň dowamynda gofrokartonyň önümçiliginiň umumy möçberi 5821200 m2;
Bir aýyň dowamynda gofrokartondan gaplaryň önümçiligi - 250 000 sany. 1 m2 gofrokartonyň ortaça bazar bahasy (15 rubla) deň.
Netijede gofrokartonyň söwdasyndan girjek girdeýji – 5 821 200 m2 * 15 rubl/m2 = 87 318 000 rubla deň bolar.
Goforkartondan öndürilýän gaplaryň bir bölegini (50%-ni) her birini kärhana 20 rubldan, galan bölegini bolsa 25 rubldan satmagy meýilleşdirýär.
Netijede goforkartondan öndürilýän gaplaryň söwdasyndan girjek girdeýjisi – 125000 sany * 20 rubl + 125000 sany * 25 rubl = 2 500 0000 + 31 250 000 = 5 625 000 rubla deň bolar.
Bir aýyň dowamynda jemi girdeýjiniň möçberi: 92 943 müň rubla deň bolar.
Bir ýylyň dowamynda jemi girdeýjiniň möçberi: 1 115 316 müň rubla deň bolar.
Bir ýylyň dowamynda arassa girdeýjiniň möçberi: 1115316 müň rubl – 862186, 08 müň rubl = 253129,92 müň rubla, bir aýyň dowamynda arassa girdeýjiniň möçberi – 21094160 rubla deň bolar.
Önümçilikde ulanyljak enjamlary satyn almak üçin maýa goýumlary 98 million rubla deň bolar.
Şular ýaly her aý önümçilikden girýän girdeýjiniň derejesiniň ýokary bolan halatynda kärhananyň harajatyny ödeýjilik möhleti 5 aýda ýerine ýetiriler.
Hasaplamalara laýyklykda, gofrokarton we gabynyň senagat önümçilik guramasynyň döredilmegi örän düşewüntli we amatly telekeçilik işi diýlip hasaplanylýar.

Sample Images

Краткая информация о предприятиях

Туркменистан заинтересован в налаживании долгосрочного и взаимовыгодного сотрудничества с ведущими зарубежными компаниями и финансовыми институтами в осуществлении совместных проектов. 

Подробнее

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!