Hojalyk sabynyň artykmaçlyklary
Hojalyk sabyna 72%, 70%, 65% ýaly belgiler goýulýar – bu ýag turşulygynyň (kislotasynyň) sabynyň düzümindäki göterimini aňladýar. Hapalary netijeli aýyrmak we infeksiýalary ýok etmek – bu 72%-göterimli sabynyň hötdesinden gelýär.
Arassalamagy we ýuwmagy beýleki serişdeler bilen hem etmek mümkin, emma hojalyk sabyny şeýle tapawutlara eýedir, ýagny:
• zyýansyzlygy → hojalyk sabynyň ähli düzümi tebigydyr, sebäbi ösümlik ýa-da haýwan ýagyndan öndürilýär;
• allergiýa garşylygy → hojalyk sabyny - çaga eşiklerini we ýorgan-düşek daşlaryny ýuwmak üçin iň allergiýa garşylyk görkezýän amatly serişdedir;
• ekologiýa taýdan arassalygy → kir ýuwmakdan soň galan sabynly suwy bilen öý güllerini, howlydaky agaçlary suwarmak mümkindir;
• ýüň eşikleri, ýagny olara ýumşaklygyny gaýtarmak üçin diňe hojalyk sabyn bilen ýuwmak peýdalydyr;
• dermatolog lukmanlaryň maslahat berşine görä → deri we kömelejik keselleri, adamyň teniniň oda ýanan ýerleri - diňe hojalyk sabynyň ergini bilen bejermekligi maslahat berýärler. Käbir maglumatlara görä, hat-da ýaňy başlanan adam dokumalarynyň çüýremeginiň (гангрена) togtatmagyny hojalyk sabynyň erginini ulanmak arkaly mümkindir;
• hirurg lukmanlaryň ynandyrmalaryna görä → bu serişdeleriň antiseptiki düzümi bütinleý ygtybarlydyr, eger-de eliňe hojalyk sabyny çalsaň we köpürjigiň guramagyna wagt berseň, mundan soňra işläp bejermekligi elliksiz etmek hem mümkindir. Netijede içkesme (operasiýa) edilen wagtynda ýokuşma howpy iň az derejä çenli peselýär.
• Mahabatma gazetlerinde häzirki wagtda has döwrebap we öwlüp ýaýradylýan arasalaýjy we ýuwujy serişdeleriň barlygyna garamazdan, saglygy goraýyş edaralarynda, hojalyk sabynyň ulanylşy öňki ýaly giňden ulanylýar.
• senagatda ulanylşy → maşyngurluşygy we awiasion senagatlarynda hojalyk sabyny entägem abzallaryň şaýlaryny ýuwmak üçin giňden peýdalanylýar. Azyk önümlerini öndürýän önümçiliklerde hojalyk sabynyň ergini bilen gaplary, gök önümler saklanýan ammarlarda – miwe we gök önümleri, guşçulyk toplumlarynda – ýumurtgalary ýuwýarlar.

Görşümiz ýaly, hojalyk sabyny – dürli ýerlerde ýaramly ýuwujy serişde bolup, onuň saklamaklygynyň uzak möhletliligi, bahasynyň pesligi, peýdalylygy netijesinde ýene-de uzak wagtlap talap ediji bolmagynda galýar.

Hojalyk sabynyň düzümi
Häzirki wagtda hereket edýän halkara standartlary boýunça, hojalyk sabynyň düzümine ösümlik we haýwan ýaglardan daşary - dürli hoşboý yslar, boýaglar, antibakterial düzümli güýçlendirijiler we beýlekiler goşulyp biler. Hojalyk sabyn esasan adatça düzüminde öndürilýär, emma häzirki wagtda öndürilýän hojalyk sabynlarda şeýle tapawutlary bolmagy mümkindir, ýagny:
• görnüşi boýunça: gaty, suwuk, toz görnüşli (порошкообразное), ýag görnüşli (мазь);
• ýaglylygy boýunça: 1-nji hilli – 72%, 2-nji hilli – 70%, 3-nji hilli – 65%;
• önümçilik usuly boýunça: ýelimli (клееное), ýylmanan (полированное), ýa-da özenli (ядровое);
• hojalyk sabynyň böleginiň agramy: 150 gr - 500 gr çenli;
• ady boýunça: hojalyk sabynyň hususy adyny eýelemäge rugsat berilýär, emma hojalyk sabyny öndürijiler endik bolan adyny peýdalanýarlar.

Hojalyk sabyny öndürmek üçin enjamlar

Hojalyk sabyny öndürip başlamak üçin uly möçberlerde maýa goýum çekilmegi we uly önümçilik meýdança zerur bolmaýar – bu bolsa sabynyň önümçiligine başlanmagyna aňsat bolýar. Bazarlarda sabyny öndürmek üçin taýýar önümçilik gurluşlary bar, ýöne siz gerek bolan tehnologiki enjamlary bölekleýin satyn alyp bolar.
Her aýda 25 000 rubl arassa girdejini getirýän önümçiligi (kiçi-sabyn gaýnadýan kärhana) gurmak üçin - sagatda 50 kg sabyny öndürýän abzallar ýeterlikdir.
Hojalyk sabyny öndürmek üçin gerek bolan abzallar:
 ýagy eretmek üçin küre (печь для плавки жира);
 gaýnadýan gazan (варочные котлы) – 2 sany (50 litrlik we 250 litrlik);
 ýagy eretmek üçin gap (емкость для выплавки жира);
 garyjy (смеситель);
 şnekli iki basgançakly gysgyç (шнековый двухступенчатый пресс);
 sabyny kesmek üçin abzal (машина для нарезки мыла);
 galyplap çykaryjy enjam (штамповочный аппарат);
 kompressor.

Bu enjamlary 15-20 m2 (inedördül metr) bolan uly däl meýdançada oturtmaklyk mümkin. Bulara hyzmat etmek üçin bir adam gerek. Önümçilik abzallaryň umumy bahasy 500 000 rubla deňdir. Sabyn öndürmekligiň düşewüntliligi - köplenç 50% bolýar. Enjamlaryň bahasynyň arzanlygy we bu önümçiligiň zähmet talap edijiligi ýokary däldigi - bu işewürligiň görnüşini öý hjojalygynyň derejesinde ýöretmäge mümkinçilik berýär.

Hojalyk sabynyň öndürmekligiň tehnologiýasy

Hojalyk sabynyň öndürilmek wagt möhletini talap edýär, emma oňa köp harajat, köp bilim we uly tejribe gerek däldir. Önümçilik basgançaklarynyň tertibini we gözükdirijileriň dogry ýerine ýetirilmegi hojalyk sabynyň hilini kepillendirýär.
Hojalyk sabyny taýýarlamagyň tehnologiýasy:
- uly gazanda ýaglary (ösümlik ýa-da haýwan ýagy) we aşgarlary (щелочь) garylýar;
- garyndyny 121 gradus yssylykda 10-gün gaýnadylýar. Bu tapgyrda sabyn ýelimli (клеевый) diýlip atlandyrylýar;
- ondan soň garynda hlorid natriý goşulýar we 2 gije-gündiz demini almaga goýulýar;
- sabyny arassa suw bilen işläp taýýarlanylýar;
- gyzgyn garyndyny (50-70°С) galyba guýýarlar we ýene-de 2 gije-gündiz sowatmaga goýulýar;
- sabyn böleklere bölünýär.
Sabyny taýýarlamagyň ähli tapgyry 2-hepdeden bir aýa çenli wagty alýar.

Maliýe goýumy we harajatlary ödeýjiligi

Sagatda 50 kg hojalyk sabyny öndürýän kiçi-önümçiligi döretmek üçin maýa goýumyň sarp edilişi:
 enjamlary satyn almak – 700 000 rubl;
 enjamlary gurnamak – 50 000 rubl;
 önümçilik jaýyny taýýarlamak (20 m2) – 50 000 rubl;
 çig maly satyn almak – 500 000 rubl;
 beýleki çykdajylar – 100 000 rubl.
Jemi: 1 400 000 rubl.
Lomaý satuwda 1 kilogram hojalyk sabynyň ortaça bahasy 30 rubl. Aýda 700 000 rubl gazanyp bolýar. Çykdajylary göz öňünde tutmak bilen, ýagny çig mal satyn almak, zähmet haky, salgytlary tölemek we beýleki çykdajylar hasaba alynanda harajaty ödeýjilik 6-12 aý bolýar.

Sample Images

Краткая информация о предприятиях

Туркменистан заинтересован в налаживании долгосрочного и взаимовыгодного сотрудничества с ведущими зарубежными компаниями и финансовыми институтами в осуществлении совместных проектов. 

Подробнее

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!